JEMGYÝET

ÝUNISEF-den iş mümkinçilikleri

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy boş iş orunlary barada bildiriş çap etdi. Guramanyň Türkmenistandaky wekilhanasy üçin işgär gözlenilýär.

Şol bildirişde “COVID 19” pandemiýasynyň zähmet bazaryna edýän täsiri barada amal seljermelerini guramakda ýurdumyzyň Döwlet statistika komitetine goldaw bermek boýunça aýratyn milli maslahatçy üçin işe kabul edişlik guralar.

Şeýle hem “COVID 19” pandemiýasynyň täsiri esasynda zähmet güýjüni seljermek babatda maglumatlaryň gaýtadan işlemek babatda aýratyn milli maslahatçy üçin işe kabul edişligiň hem guralmagy meýilleşdirilýär.

Bu boş iş orny üçin 2021-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli ýüz tutulyp bilner.

Şeýle hem ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy birnäçe iş ugurlary boýunça boş orunlar barada bildiriş çap edipdi. Şol bildirişe görä, ilçihana garawul (gorag işgäri) hem-de wauçer bilermeni ugurlary boýunça boş iş orunlarynyň bardygy bellenilip geçilipdi.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Ýene-de okaň

Sara Rojers “Ata Watanyň” sowalyna jogap berdi: Türkmenistan bilen bilim hyzmatdaşlygy ösdüriler

Aşgabatda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sebitleýin ýokary derejeli duşuşyk geçirildi

Sara Rojers:Türkmenistana bolan gyzyklanma barha artýar

Türkmenistanda gender deňligi boýunça täze bäşýyllyk meýilnama tassyklanyldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers Aşgabada geldi

Ata Watan Eserleri

Futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň gyzykly taryhy