BIZNES

Türkiýe-Türkmenistan Işewürler geňeşi 2020-nji ýyly maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýan Türkiýe-Türkmenistan Işewürler geňeşiniň onlaýn mejlisi geçirildi. Onlaýn tertibinde geçirilen duşuşykda işewürler geňeşi tarapyndan 2020-nji ýylda edilen işleriň jemlerine seredildi.

“Halil Avcı Şirketler Grubu” kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Halil Awçynyň başlyklyk etmeginde geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygyň barşynda 2021-nji ýylda meýilleşdirilen çäreler barada hem pikir alşyldy.

Onlaýn duşuşyga “Eser Inşaat” kompaniýasyndan Ilhan Adiloglu, “Gap İnşaat” kompaniýasyndan Ýahya Abdullahoglu, Sefa Gömdeniz, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Kazym Gündogar, “Tepe” kompaniýasyndan Şafak Koraý, “Coca-cola” kompaniýasyndan Demokan Konýalygil, “Schneider Electric” kompaniýasyndan Mehmet Ali Keçijiler ve DEİK guramasynyň wekilleri gatnaşdy.

DEIK / Türkiýe-Türkmenistan Işewürler geňeşi, türk kompaniýalarynyň, gurluşyk, dokma, azyk, oba hojalygy ýaly ugurlarda uly mümkinçilige eýe bolan Türkmenistanda ileri tutulýan ugur hökmünde türkmen tarapy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi, Türkiýäniň orta ýe kiçi telekeçilik babatda gazanan üstünlikleriň we tejribesiniň Türkmenistan bilen paýlaşmagy ýaly ugurlarda iş alyp barýar.

Türkiýe-Türkmenistan Işewürler geňeşi türk tarapyna “Halil Avcı Şirketler Grubu” kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Halil Awçy başlyklyk edýär.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy