DÜNÝÄ

Russiýadan Türkmenistana minnetdarlyk

Russiýanyň daşary işler ministri Sergey Lawrow Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewi kabul etdi. Duşuşykda rus tarapyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Gutlag haty gowşuryldy. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergey Lawrow Türkmenistanyň Hökümetine türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmek babatda berýän ünsi üçin minnetdarlyk bildirdi. Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, taraplaryň global pandemiýa bilen baglanyşykly çäklendirmelere garamazdan, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini saklamagy başarandygyny aýtdy.

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Related posts

Özbegistanda prezident saýlawlary geçirilýär

Donald Tramp täzeden prezidentlige dalaşgär boldy

AK partiýaly Zorlu: üýtgeşiklik türk döwletleriniň raýatlaryna degişli däl

Ata Watan Eserleri