DÜNÝÄ

Özbegistanda prezident saýlawlary geçirilýär

Özbegistan Respublikasynda prezident saýlawlary geçirilýär. Ýurduň häzirki Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen bir hatarda 5 dalaşgär ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine dalaş edýär.

Ir säherden Özbegistanyň wagty bilen 08:00-da saýlaw uçastoklary açylyp,ýurduň raýatlary ses bermek işine gatnaşyp başlady. Ses bermek işi Özbegistan wagty bilen 20:00-da tamamlanýar.

Ýurduň çäginde 10 müňden gowrak saýlaw uçastogy döredilip, ol ýerde ähli sanitar-epidemiologik öňüni alyş çäreleri göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem Özbegistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda hem ses bermek üçin şertler döredildi.

Merkezi saýlaw toparynyň maglumatyna görä, ýurtda 19.9 million saýlawçy bolup, olaryň 400 müňüsi 14-20-nji oktýabr aralygynda geçirilen öňünden ses berişlikde ses berdiler.

PREZIDENT ŞAWKAT MIRZIÝOÝEW MAŞGALASY BILEN SES BERDI

Ýurduň häzirki Prezidenti Şawkat Mirziýoýew maşgala agzalary bilen ses berişlik çäräsine gatnaşdy. Özbek metbugatynyň habaryna görä, ýurduň Telekeçileri we işewür adamlary hereketiniň hem-de Liberal-demokratik partiýasynyň dalaşgäri bolan Prezident Şawkat Mirziýoýew Daşkent şäherindäki Mirzo-Ulugbek etrabyndaky 59-njy saýlaw uçastogynda ses berdi.

Saýlawlara halkara synçy hökmünde dürli halkara guramalaryndan 971 synçy gatnaşýar. Mundan başga-da ýerli we daşary ýurtly habarçylaryň 1,7 müňüsi hasaba alyndy.

PREZIDENT SAÝLAWLARY GEÇIRILEN KABUL EDILDI

Özbegistandaky prezident saýlawlary barada habary taýýarlaýan pursatymyzda metbugat gulluklarynda saýlawlaryň geçirilendigi barada habar mälim edildi. Ýerli wagt bilen sagat 11:00 töwereginde ýurduň saýlawçylarynyň 33 göteriminiň ses bermegi bilen saýlawlaryň geçirilendigi mälim edildi.

Respublikanyň kanunçylygyna laýyklykda, saýlawlaryň geçirilendigi ykrar edilmegi üçin hasaba alnan saýlawçylaryň 33 göterimi ses bermelidir.

 

 

24-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça teswirnama gol çekdiler

Azerbaýjan bilen Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy