DÜNÝÄ

Alty ýaşly gyzjagaz «YouTube»-niň iň girdejili bloggerleriniň biri

«Forbes» neşirini 2020-nji ýylda «YouTube»-den iň kän gazananlaryň ilkinji onlugyna russiýaly alty ýaşly gyzjagaz Anastasiýa Radzinskaýany hem goşdy.

Eýýäm ikinji ýyl bu sanawyň ilkinji onlugyna girýän gyzjagaz bu ýyl ýedinji orny eýeledi. Neşiriň ýazmagyna görä, ol şu ýyl «YouTube»-däki şahsy kanaly arkaly 18,5 million dolar gazanç edindi.

«Paýlaşylýan wideogörnüşler müň dürli öwüşginli, olaryň maznuny baý. Bu aýratynlyklar görnüşleriň her birini Ýer ýüzünde millionlarça çagalaryň synlamagyna sebäp bolýar» diýip, neşirde ýazylýar.

Anastasiýanyň «Like Nastya» diýlip atlandyrylýan «YouTube» kanalyna 190,6 million ulanyjy agza boldy. Şu ýyl onuň paýlaşan wideogörnüşleri 39 milliard gezek görüldi. Onuň «Tik-Tokda» hem 3 million muşdagy bar.

Radzinskaýa bu serişdeleri mahabat roliklerinden gazanýar. Munuň üçin ondan artykmaç zat talap edilenok. Mahabat edilýän önümiň gurşawynda ýakynlary bilen oýun oýnamak ýeterlik. Munuň üçin oňa ýokarda görkezilen mukdardaky pullar tölenilýär.    

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

SOCAR-yň ýolbaşçysy Röwşen Najaf Türkmenistanda saparda boldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy