JEMGYÝET

AŞTU ýene bir täze hyzmaty hödürleýär

Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) özüniň döwrebap hyzmatlarynyň sanyny barha artdyrýar. Kompaniýa ýakynda olaryň üstüne ýene birini goşdy.

AŞTU-nyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, täze hyzmat kompaniýanyň hyzmatlarynyň haýsy hem bolsa biri üçin goýlan maliýe serişdelerini başga bir hyzmat üçin ulanmaga mümkinçilik berýär.

Mysal üçin, IPTV hyzmaty boýunça hasabymyzda duran serişdäni zerurlyk ýüze çykanda Internetiň ýa-da öý telefonlarynyň tölegi üçin ulanyp bileris. Maliýe serişdelerini çalşyryp ulanmak şu üç hyzmatyň arasynda elýeterlidir.

Täze hyzmaty “Şahsy otag” arkaly dolandyryp bolýar.

«Asman oky» hususy kärhanasy bilen hyzmatdaşlykda işleýän AŞTU müşderilerini geljekde hem täze hyzmatlar bilen höweslendirmegi meýilleşdirilýär. Häzir kompaniýanyň sanly ulgama daýanýan hyzmatlaryndan her gün ortaça 100 müňden gowrak müşderi peýdalanýar.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2025-nji ýylda geçiriljek halkara çäreler

Türkmenistan Owganystanda raýat ylalaşygyny gazanmak babatdaky tagallalary goldaýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri: howpsuzlyk üçin Bitaraplygyň mümkinçiligini ulanmak möhümdir

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan BMG-niň ynamdar hyzmatdaşy hem-de pikirdeşi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Antoniu Guterriş telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistan bilen Saud Arabystany haj zyýaraty boýunça ylalaşyga gol çekdi