TEHNOLOGIÝA

Üç eplenýän akylly telefonyny hödürledi

“Oppo” kompaniýasy üç epläp bolýan geljekki döwrebap“Oppo Find X3 Pro” atly akylly telefonyny hödürledi. Bu akylly telefon “Slaýdfon” diýip atlandyryldy. Telefonyň şekili Hytaýyň markasy we Ýaponiýanyň “Nendo” studiosy bilen bilelikde işlenip düzüldi. Bu telefony üç bölege epläp, dürli göwrüme laýyk getirip bolar, hat-da eliňiziň aýasyna sygjak derejesine kiçeldip hem bolar. Birinji bölegi 1,5 dýum ekranly bolup –  onda ulanyjy sagat, telefon jaňlaryny, sms habarlaryny we beýleki bildirişleri görüp biler. Ikinji bölegi 3,15 dýum ekrandan ybarat bolup –  oýun we surat, wideo düşürmek funksiýalaryny ulanyp bolar. Jemleýji üçünji böleginiň ekrany bolsa 7 dýuma barabar bolup –  onda eýýäm bu telefonyň ähli funksiýalary açylyp görkeziler. “Oppo Find X3 Pro” akylly telefony Snapdragon 888 sistemasynyň esasynda işlär. Onuň esasy kamerasy 50, 50, 13 we 3 Mp barabar bolar. Güýç kuwwatynyň göwrümi 4.500 ampera deň bolar. Bu üýtgeşik telefonyň tanyşdyrylyş dabarasy 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda bolmagyna garaşylýar.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Türkmenistan Şanhaýda geçirilýän Bütindünýä emeli aň maslahatyna gatnaşýar

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy “Robototehnika” maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna 5G tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi