DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Owganystan täze aragatnaşyk ulgamy bilen birleşer

Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda çekilýän optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň täze bölegi ulanmaga berilmäge taýýar edildi. Bu barada Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginde bellenilip geçildi.

“orient.tm” internet saýtyndaky habara görä, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça çekilýän optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy sebit möçberindäki iri maglumat-aragatnaşyk taslamasydyr. Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky çekilýän ulgam hem şol taslamanyň bir bölegidir.

2020-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýasy ministrligi arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnama gol çekilipdi. “Türkmentelekom” elektron aragatnaşyk kärhanasy bilen “Afghan Wireless” kompaniýasy arasynda Serhetabat-Turgundi we Ymamnazar-Akina serhet böleklerinde optiki süýümli kabelleriň birleşdirilmegi babatda şertnama gol çekipdi.

Täze ugur türkmen ulgamyny Owganystanyň “Afghan Wireless” aragatnaşyk ulgamy bilen birleşdirer. Soňlugy bilen bu taslama Türkmenistana Owganystanyň üsti bilen beýleki ýurtlara çykmaga mümkinçilik berip, türkmen aragatnaşyk ulgamynyň içerki we daşarky maglumat gerimini giňeltmäge şert döreder.

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan Ymamnazar-Akina ugry boýunça 3 kilometrlik optiki süýümli geçiriji we Serhetabat-Turgundi ugry boýunça 8 kilometrlik optiki süýümli geçiriji çekildi we olar birikdirmek üçin doly taýýar edildi.

Ýene-de okaň

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy