JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmen-britan söwda-ykdysady mejlisi geçirildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, Suw hojalygy baradaky Döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow, britan tarapyndan – Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili Baronessa Nikolson, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hýu Stenli Filpott, şeýle hem «JCB Sales Limited» kompaniýasynyň Dolandyryjy direktory Den Tompstoun gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda taraplar ileri tutulýan ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi we çuňlaşdyrylmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, söwda-ykdysady, maliýe hyzmatdaşlygy hem-de işewürlik gatnaşyklaryň berkidilmegi boýunça meselelere seredilip geçildi.

Mundan başga-da mejlisiň barşynda britan tarapy Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň işewürler toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, şol sanda britan kompaniýalarynyň bilelikdäki taslamalara gatnaşmaklaryna gyzyklanma bildirdi. Şeýle hem iki döwletiň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ösdürilmegine gönükdirilen teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bu konstruktiw gepleşikleriň iki ýurduň ykdysady ulgamyndaky gatnaşyklarynyň berkidilmegine itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde iş saparynda boldy

“Makul habar” elektron gazeti (29-sany)

Ata Watan Eserleri

Medeni mirasyň gymmatlyklary goralýar

Hytaý Türkmenistana täze ilçi belledi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 247 sany raýatymyzyň günäsini geçildi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy kitap sergi ýarmarkasyny gurnady

Ata Watan Eserleri