Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty boldy. Maslahata gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Maslahatda “Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasyna, şeýle hem “Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” kararyň taslamasyna garaldy. Şol taslamalar milli parlamentiň ähli komitetlerinde, şeýle hem aýry-aýry pudaklarda – ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda deslapdan ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň maslahatynyň öň ýanynda, ýagny 23-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasy babatda birnäçe anyk maslahatlary berdi.
Jemi içerki önümiň ösüş depginini deňeşdirilýän görkezijilerde 6,2 göterim derejede emele getirmek meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz bu işleriň ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly depgin bilen ösmeginiň hasabyna üpjün edilmelidigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetimiziň durmuş ugurlylygy ýörelgesini saklamak bilen, geljek ýylda Döwlet býujetiniň umumy çykdajylarynyň 70 göteriminden gowrak möçberini durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirmegi tabşyrdy.
Bu serişdeleriň 28,5 göterimi bilimi, 10 göterimi saglygy goraýşy we 24,8 göterimi durmuş üpjünçilik ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmelidir.
Maslahatyň barşynda parlamentariler ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda gazanylan üstünlikler, 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny düzmegiň esasy çemeleşmeleri we ýörelgeleri, onuň girdeji bölegini düzmegiň aýratynlyklaryny we beýlekileri ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatyň barşynda geljek ýyl üçin esasy maliýe-hukuk resminamasynyň taslamasynda göz öňünde tutulan ýerli býujetleriň görkezijilerine seredildi.
Habar berlişi ýaly, 2021-nji ýyl telekeçiligi, kiçi we orta işewürligi goldamak, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak, içerki bazarda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça çäreler meýilleşdirildi.
“Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasyny kabul etmek barada biragyzdan ses beren deputatlaryň gelen netijesine görä, bu resminama sowatly hasaplama esaslanyp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwletiň we jemgyýetiň serişdeler kuwwaty bilen berkidildi hem-de halkymyzyň bähbidine hyzmat edip, onuň abadançylygyny berkider.
Şeýle hem “Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Mejlisiň karary biragyzdan kabul edildi.
HOWPSUZLYK BABATDA HYZMATDAŞLYK YLALAŞYGY TASSYKLANDY
Soňra parlamentiň agzalary “Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda”, “Konsullyk gullugy hakynda” Kanunlaryň taslamalaryna seretdiler.
Maslahatda “Biologik dürlülik baradaky Konwensiýanyň Genetik baýlyklaryň elýeterliligini kadalaşdyrmak hem-de olary ulanmakdan gelip çykýan peýdany adalatly we deň derejede paýlaşmak hakyndaky Nagoýa Teswirnamasyna goşulmak hakynda”, “Howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda”, “Gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi we sazlaşyklylygy hakyndaky halkara Konwensiýasyna goşulmak hakynda” Mejlisiň Kararlarynyň taslamalaryna-da seredildi.
Bulardan başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň gün tertibine girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.
Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.