Hormatly okyjym! Söýmek üçin nämeler derkar? Yssy mähir, duýgudan pürepür kalp… A sagdyn aýaklar?! Olaram zerurmyka? Ine, saña gürrüñ berjek durmuş hekaýatym şu hakda.
Çaklañja obamyzda yşga düşenem, söýgiñ şatlykly, gussaly pursatlaryndan paýyny alanam az däldi.Şolaryñ arasynda biri meniñ heniz-henizlerem ýadymdan çykanok. Heran-haçan ol hakynda oýlansam, armanly ahwala düşüp,”ah”diýip, uludan demimi alýaryn.
Eşder bolsañ, ol mahallar 10-11 ýaşlarymdadym. Öýümiziñ gabadynda Bagtyýarlaryñ horaşaja jaýlary ýerleşýärdi.Olaryñ duldegşir goñşusy Sähralardy.”Sähra” diýseñ sährady ol. Ertekilerde waspy ýetirilen perilere beletsiñ. Olar hyýaldy. Sähra bolsa hakykat. Onda-da neneñsi hakykat. Otly bakyşlardan, iniñi jümşüldeji näz-kereşmeden düzülen hakykat.
A Bagtyýaryñ dünýäsi…
Sähranyñ tersine, Bagtyýaryñ dünýäsi adyna kybapdaş däl. Ol özüni bileninden bäri ýöräp bilmeýärdi. Maýyp tigirçegi onuñ durmuşyny ýeññileşdirýän gural bolsa-da, Bagtyýar üçin söýgüsine giden ýolda iñ uly päsgelçilik. Göwnüne, şol bolmasa Bagtyýaryñ aýaklaryna ysgyn gelip, ýöräp gidiberjek ýaly.
Bagtyýaryñ ýanyna yzygiderli gatnamak endigim bardy. Onuñ gussaly ýüzi maña hesret berýärdi. Her edip, hesip edip Bagtyýary güldürjek bolardym.
Bagtyýar bilen Sähranyñ öýleriniñ aralygynda bir ýylyñ on iki aýy ýaly şahalaryny giñden ýaýyp oturan alma agajy bar. Sähra her ýyl şol alma agajy güllände ilkinji miwesinden dolduraga-da, Bagtyýara eltip berer. Çünki,alma agajynyñ şahalary dostumyñ goly ýeterden has ýokarda.
Bir gün baramda Bagtyýar Sähranyñ getirip giden almalaryndan iýip oturdy.
-Me,senem iý. Bu ýyl öñkülerden has süýji bişipdir – diýip,ol sebetdäki almalaryñ çym-gyzyl bolup duran ullakanyny maña uzatdy.Men işdämen alma iýip durşuma, oña sorag berdim:
-Sähra näme üçin saña her ýyl alma getirip berýär?
Bagtyýar soragyma jogap bermedi.Ýöne şonda ilkinji gezek kalbynyñ çuñluklarynda saklan pynhan arzuwlaryny açdy:
-Bilýäñmi näme,men bir gün aýaga galyp,ýörärin.Şonda agaçdaky almalardan ýolup,iñ süýjülerini Sähra eltip bererin.
Men aklyma gelen duýdansyz sowaly nädip dilimden gaçyranlygymy bilmän galdym:
-Sen ony gowy görýäñmi?
Bagtyýar müýnsüz çaga gözlerime agras nazarlaryny dikdi.Dymmagyñ gürrüñdeşiñ pikri bilen ylalaşmakdygyny bilemsoñ,soragymyñ jogaby maña öz-özünden düşnükli bolup duruberdi.
Bir gün agşam hemişeki endigimiz boýunça Bagtyýar bilen köçede asmandaky ýyldyzlary synlap oturdyk.Ikimiziñem ünsümiz ýyldyzlardady.Birdenkä-de, Sähranyñ öýleriniñ gapysy açylyp, iki sany eli saçakly zenan atylyp çykdy.
Bagtyýaryñ olary görüp,ýüzünde gan-pet galmady.Megerem,Sähra sawçy gelen bolmalydy.Zenanlar Sähranyñ ejesi Gunça gelneje bilen ýitirşip-tapyşan ýaly garagadyr gürleşýärdiler,gülşüp-degişýärdiler.
Olary görenimizden soñ ikimiziñem hiç zat bilen serimiz bolmady.
Barybir, Sähra nätanyş myhmanlaryñ göwnüni syndyrypdyr. At tezegini guratman gatnan saçakly zenanlar oñaýsyz jogap alyp,yzyna gaýdypdyrlar.”Hoş habar” bir–iki hepde soñ gulagymyza degdi. Bagtyýar ikimiz edil oýunda utan çaga kibi begenmek begendik.
Bir günem Bagtyýara Sähranyñ göwnüni tapmak üçin özümçe maslahat berdim.
– Sähra bagyşlap goşgy ýazsana.
-Goşgy nireden ýadyña düşüp ýör?
-Men arada Sähranyñ öýlerinde goşguly kitaby okap oturanyny gördüm.Ol şonda”Maña-da biri goşgy ýazaýmaly-da”diýdi.
Bagtyýar maslahatymy alypdy.
Bir gün onuñ başyna gaý bolup,gazet okap oturanyny gördüm.Onuñ kinniwanja otagynyñ içinde gazet-žurnallar dagap ýatan eken.Ol ýanynda duran kagyzy eline aldy.
-Seret,men Sähra goşgular ýazdym.
Goşgularyñ çeperçiligi juda gowşakdy. Muña garamazdan, goşgularynyñ Sähranyñ eline gowuşmagyny isledi.Elbetde, aralaryndaky “hat gatnadyjy”men boldum.Bagtyýaryñ ýazan goşgularyndan ybarat bir petde kagyzy Sähra eltip berdim.Sähra goşgulary owadan, ala gözlerini süzüp,her setir-jümlesinden lezzet alyp okady.
-Bulary saña kim berdi?
-Bagtyýar.
Sähranyñ mähirli bakyşlarynyñ ornuny gahar bilen gussa gatyşykly nazar eýeledi.Kagyzlaryñ ählisini düýrüp,ýyrtym-ýyrtym etdi.
-Goý, beýtme! – diýip, ony saklajak bolsamam,gaharly gyzyñ güýji menden agdyk geldi.
-Indi maña şeýle zat getireniñi göräýmäýin.Basym garañy saýla şu ýerden,bezzat!
Sähranyñ yzymdan hüñürdäp aýdan sözleri ýüregime tiken bolup çümdi:
-Men-ä Bagtyýara dözmezçilik edýän.Olam gör,nähili garaýyşda eken.Heýem,men maýyba bararynmy?
Bagtyýaryñ aşyk göwnüni syndyrmajak bolup,Sähranyñ jogabyny başgaça ýetiripdim:
-Ol ýazanlaryñy oñat gördi.”Dowam etsin,hasam kämilleşsin.” diýdi.
Günler birsyhly geçip gidýärdi.Bagtyýar Sähra bagyşlap goşgular ýazmagyny dowam edýärdi.
Bagtyýaryñ ýazanlaryny Sähra ýetirmek meñ paýyma düşerdi.Emma
Bagtyýaryñ ugradýan goşgularyny otagymyñ burçundaky çekerde gizlärdim.Indi çeker kagyzlardan ýaña hyñ berýärdi.Men dostuma ýalan sözlemäge mejbur bolanlygym üçin özümi näler näletleýärdim.Şonda-da bilenimden galmaýardym.Eýsem, nädip bilerdim?
Sähra eltsem olaryñ ýene ýoguna ýanyljak.
Bagtyýara hakykaty aýtsam,ol ilkinji söýgüsinden jyda düşjek?Ýeri, onsoñ ol nämä sygynsyn?
Bir günem “Sähra durmuşa çykýarmyş,goñşy obaly agronom ýigide barjakmyşyn.” diýen habar tutuş oba ýaýrady.Bagtyýar Sähranyñ durmuşa çykmagyny özüniñ aýaga galyp bilmeýänliginden gördi.
Bir hepde soñ asla ýetmegini islemedigimiz güne ýetdik.
Bezemen gelnalyjy ulagy Sähralaryñ howlusyna gireninde men Bagtyýaryñ ýanyndadym.
Ine-de, gyzyl çoga meñzäp duran gelni gapydan çykaryp, gelnalyjy ulagyna mündürdiler.
Dogrusy,Bagtyýaryñ şol pursatky ahwalyny beýan edere söz tapamok.Ol elinde bar güýjüni edip dyzynyp,oturan tigirçeginden turmaga synanyşypdy.Teý başarmandy.Dodaklaryny kemiş-kemiş edip çaga ýaly hamsygypdy.
-Bar zat senden,bar zat senden -diýip, tigirçegine kakýardy.
Bir-iki aý soñ biz kakamyñ işi sebäpli başga etraba göçmeli bolduk.Hoşlaşyk pursady gelip ýetende dostumy garsa gujaklap,aglapdym.Onuñ soñky aýdan sözleri häli-häzirlerem ýadymda.
-Indi,senem meni taşlap gidiberjekmi?!
Şonda oña şeýle diýipdim:
-Bagtyýar,hiç haçan umytdan düşme.Galamy ýaran tutun.Ynan maña,ol mendenem gowy dost bolar.
Görsene,ondan bäri ençe aý-ýyllar kerwen gurap geçipdir.Bir gün mawy ekranda ýaş aýdymçynyñ zarynlap aýdýan aýdymyna gabat geldim:
“Sen entek sönmersiñ, säher ýyldyzym!
Bilýän bir ýerlerde ýalkym saçýanyñ.”
Aýdymyñ sözleri barada maglumat berilýän ýerde “Bagtyýar Myradow”diýlen ýazga gözüm düşeninde inim jümşüldäp gitdi. Köñlümi lerzana getiren aýdymyñ jemleýji setirleri köne dostumyñ birtaraplaýyn yşgynyñ aýak yzlary bolup, ýüregimde galdy:
“Sen şeýle bir bagtly bolgun,mähriban,
Iñ bolmanda,söýgüm harlanña degsin!”
Diýmek,ol galamyny asla taşlamandyr.Hesretli söýgisi şeýle şahyrana setirleri kagyz ýüzüne keşdeläp biljek kämilligi peşgeş beripdir.Bagtyýara goşgy ýazmagy maslahat beren günüm şol pikri ylahy güýjüñ maña salgy berenligine düşündim.Müñ şükür!Durmuşda başymyzdan geçen her wakanyñ özboluşly sebäbi bar eken.
Bagtyýaryñ aýdymyny ýene bir ýola diñledim.Soñ ýene,ýene…Näçe diñlesemem doýup bilmedim.Diñledigimçe-de diñläsim geldi.Aýdymy diñläp oturşyma,halypa şahyryñ şu setirleri serime doldy:
“…Ah,men söýgä düşünmändim gelende,
Indi weli ol söýgi däl,sungatdy.”
Hyýalymda goñşy gyzyna ýüzlendim:”Sähra,sen söýgä gelende düşünmändiñ.Indi weli,ol söýgi däl,sungat!”
Ine,şeýle, okyjym!Bu hesretli söýgüde söýlen gyz üçin ýigidiñ birkemsiz bolmagy esasy zatdy. A señ üçinem şeýlemi? Özüñi söýeniñ ýetmezçiliklerine gararmyñ? Sähranyñ ýerinde bolsañ näderdiñ? Söýermidiñ?
Mahym Nurgeldiýewa,
Gökdepe etrabynyñ 18-nji çagalar bagynyñ terbiýeçisi.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!