Söýmek, söýülmek her ynsan durmuşyny bagta besleýän näzik duýgudyr. Sözümiziň başynda bu makalany ýazmaga sebäp bolan çyn söýginiň yhlasy barada söz açasym gelýär. Her bir ynsanyň durmuşda söýmäge we söýülmäge haky bar. Emma bir-birini tüýs ýürekden söýen aşyklaryň durmuşynda her-hili kynçylyklar, çarkandakly ýolar hem bolýar.
Biziň makalamyzdaky söýgüsini magşuk gyza beýan eden aşyk ýigidiň ykbaly hem şeýle çarkandakly ýoldan gabat geldi. Göwün beren gyzy bilen mekdep ýyllaryndan bäri gowy görüşip, halaşyp ýören Merdan orta mekdebini tamamlap öz daýhan birleşiginde kärendesine ýer bölegini alyp ak altyn, bugdaý we bakja ekinlerini ekip, ýetişdirip, mele ýerden bol hasyl alyp işläp başlady. Merdan bilen Maralyň bir-biregi gowy görüp, bir-birege söýgi bilen bakmagy olary has-da bagtly görkezýärdi. Merdan harby gulluga gitmägä taýýarlanýardy, kärende ýerine hem Merdanyň ejesi bilen Maralyň seretmelidi barada her gezek aýdýardy. Ine bir günem garaşylmadyk ýagdaý, Merdan öz kärende ýerinden işden gaýdyp gelýärkä münen awtoulagy duýdansyz ýol ulag hadysasyna duşar bolýar. Bu hadysada Merdan agyr ýaralanýar we huşuny ýitirýär. Köp wagtlyk hassahanada ýatyp, eli ýeňil lukmanlaryň we ilkinji söýgüsi Maralyň ýadawsyz yhlasy bilen Merdan aýak üstüne galýar.
Ýöne şondan soň ýaşlaryň özleri söýgüsine garşy bolmasa-da gyzyň maşgalasynda bularyň birikmesine garşylyk juda köpelýär. Bir tarapdan “– Gyzym goý, şoňa baraýjakmy? Ol saglyk taýdan yza galak, görýäňä ýol ulag hadysasyndan soňa huşunam ýitirdi, bir aýagyna hem kem galypdyr diýýärler. “Seniň ne kemiň bar diýilse, ýene bir ýerden indi gelip-gelip şondan başga ýigit ýokmy” diýen ýaly gyjalat beriji sözler hem aşyk-magşuklara rowa görlüpdi. Emma asyrlara mahsus bolan söýgi hiç zamanda hem görk, baýlyk, mülk islemesmiş. Söýgi diňe iki kalbyň düşünişmeginden emele gelýän duýgy. Dessanlaryň gahrymanlaryna syn berlende bellenişi ýaly Mežnunyň Leýlisi hem ol diýen aýratyn hüýr-kamatly gözel bolmandyr, emma ol Mežnunyň gözüne peri-peýker bolup görünipdir. Biziň makalamyzdaky magşuk gyzyň hem söýgüsine ygrarlygy, wadasyna wepalylygy dessanlaryň gahrymanlaryna barabar.
Magşuk gyzyň eje durmuş haçan gözel bolýar, öz ýanyňda sulhyň alan pikirdeşiň, syrdaşyň bolanda. Men saýlan ýigidimiň şeýledigine ynanýaryn, diýen sözleri bolsa söýgüniň ýollaryndaky böwetleri böwsüp geçýän güýçli bir sildir. Her hili aýdylan sözlere gulak asman öz söýýän ýigidi bilen durmuş ýoluna gadam basan Maral ilkinji gününden başlap, öz aýdan sözleriniň dogrudygyny beýan etmek üçin ençeme yhlas çekýär. Ol baran gününden ýigidiň durmuşyny düýpgöter gowulyga sary üýtgedýär. Gündelik onuň saglygyna täsir etjek beden maşklaryny, pikirini durlajak melhem çaýlaryny taýýarlap, göýä çaganyň aladasyny edýän ýalydy gowy seredýär. Çünki bu geliniň ýanýoldaşynyň sagdyn başly boljakdygyna umydy uludy. Ýigit hem özünde gün-günden gowluga tarap üýtgeşik täsirleriň bolýanyny açyk duýýardy. Merdan öýde oturan ýerinde hem ýurdumyzda döredilýän sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp kitaplaryny we gündelik ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallary, şeýle hem taryhda öçmejek yz goýan merdana pederlerimiziň gahrymançylykly ýollaryny, halkymyzyň köpasyrlyk şöhratly taryhyny, milli gymmatlyklarymyzy giňden beýan edýän taryhy, çeper hem-de edebi eserleri yzygiderli okaýardy. Bir günem ýurdymyzyň täzelikleri bilen metbugat sahypalarynda tanyşyp oturan wagty gazetdäki çagyryş onda uly bir joşgun döretdi. Ol dessine ýanýoldaşyna ýüzlenip Maral muny görsene Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersitetine talyplyga kabul edilşik yglan edilipdir. Menem nesibämi synap göräýsem diýýän sebäbi okuwçy wagtymda mugallymyň seniň bilimiň we bilime bolan yhlasyň gaty gowy, aýratyn hem biologiýa, himiýa derslerinden gaty gowy bilýän şonuň üçin mundan beýläk hem yhlasly okasaň sende ökde lukman bolmak mümkinçiligiň bar diýen sözleri gulagymda ýaňlanyp dur sen neneň görýäň diýip ýüzlenen sözleri gelini has-da bagtly etdi. Ol bu pikiri iki elläp goldady we onuň synag günlerine çenli onuň ähli zatlaryny taýyn etdi. Ýoldaşynyň synag wagty ýakynlady diýip gidenine dört-bäş gün geçen gelin onuň habaryna uly sabyrsyzlyk bilen garaşýardy, ine-de geliniň telefonyna jaň geldi telefonda Merdanyň buýsançly sesi çasly eşidildi. “Salam Maral hany ejem nirede? Buşluk men talyp boldum, ejeme-de aýt diýen sözleri geliniň didesini buýsanç gözýaşlary bilen doldurdy. Hemem öz ýoldaşy hakda diňe bir öz maşgalasynyň däl özgeleriň hem eden ýalňyş pikirleriniň dogry jogaby ýüze çykypdy. Elbetde bu zatlaryň ählisi türkmen gyzynyň söýgüsine, sözüne, ähtine, lebzine wepasy, bir söz bilen aýdylsa çyn söýgüniň yhlasyndan bolupdy.
Ýanýoldaşynyň bu zatlaryň ählisi seniň arkaňdan Maral seniň Lukman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan, ýiti zehininden kemala gelen “Çaý-melhem hem ylham”, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopedik kitaplaryndaky ylmy maglumatlara esaslanyp eden emleriň, dermanlyk otlardan, melhem çaýlaryndan demläp beren jana şypa çaýlaryň meni durmuşa umytlandyryp, şu bagta ýetirdi. Çünki sen şu ýadawsyz aladalary etmedik bolsaň mende beýle höwes, joşgun bolmazdy. Ählisi üçin saňa minnetdar Maralym. Indi nesip bolsa gowy okap, öwrenip, alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan we ýiti zehininden kemala gelen ajaýyp kitaplaryny, aýratynam “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensklopedik eserlerini özüme hemişe ýol-ýörelge edinip, halkymyzyň saglygyny goramak üçin gowy okap, öwrenip, tejribe toplaryn.
….Merdan paýtagtymyzda ýerleşýän Myrat Garryýew adyndaky Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersitetini üstünlikli tamamlap, öz dogdyk obasynda lukman bolup işe başlady. Öz zehini we işine bolan taýsyz yhlasy bilen il içinde adygan, üç ogul, iki gyz perzendi dünýä getirip Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe balalarynyň bagtyna guwanýan Maral mugallym bilen Merdan lukmany häzir etrabymyzda tanamaýan ýok bolsa gerek.
Elbetde durmuşda gabat gelýän bu ajaýyp waka söýgüniň bar ýerinde ähli gowulyklaryň barlygy, durmuşda ähli zadyň söýgüden başlanýandygyny söýgüniň yhlasynyň bolsa näderejede beýikdiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Altynjemal RAHMANOWA,
Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky
20-nji orta mekdebiniň hünärmeni.
Hormatly okyjylarymyz!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden Instagram hasabymyza girip, şol ýerden “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, bu eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!