SIZDEN GELENLER

Kädi ösümligi barada

Ýurdumyzyň ähli künjeginde ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikleriň biri hem kädidir. Kädi bir ýyllyk ösümlik. Ol  iýun-iýul aýlarynda gülleýär. Onuň miwesi awgust aýlarynda ýetişýär. Ol ýabany görnüşinde gabat gelmeýär. Kädiniň watany Meksika, Demirgazyk we Günorta Amerika hasaplanýar. Onuň tohumy sarymtyl, ak jähekli, ýasy çeýe, endosperimsiz. Onuň urug ady “ Cucurbita”  diyen italian sözünden gelip çykyp, “küýze” diýen manyny berýär. Onuň düzümi organiki maddalara baý bolup gadym döwürlerden bäri lukmançylykda giňden peýdalanylypdyr. Muňa mysal edip gündogaryň meşhur lukmany we alymy Muhammet Hüseýin özüniň “Melhemler hazynasy’’ atly işinde şeýle ýazýar “ Kädi bedeni sowadýar we çyglandyrýar, dykyn almalary açýar, buşukdyryjy täsir edýär, içegeleri ýumşadýar, sary getirmäni we ýiti ysytmany bejerýär” .  Ýapon berhizçisi Dž.Ozawa hem kädi çigdini ýokumlylygy boýunça ýokary iýmitleriň hatarynda birinji orunda goýupdyr. Şeýle hem iň ýokumlysy togalak kädileriň çigididigini belläp geçipdir. Kädi öz düzüminde kaliý, kalsiý, we magniý duzlaryny saklaýar. Tohumynda 6.3 göterim suw, 27.4 göterim azotly maddalar, şeker, krahmal, 11 göterim pentezonlar, 14.8 göterim kleçatka, 50 göterime çenli (onuň düzüminde gliserid turşulary linolen, olein, palmitin we stearin turşusy) fitosterinler, kukurbitol, sakyzly maddalar, organiki turşular, witaminler, 0.2 mg %-e çenli C,B witaminler, karatinoidler we 20 mg % karotin melen uglewody, 15 göterime çenli belok maddalar bar.  Onuň düzümi görnüşine görä belli bir derejede üýtgeýär.

T/b Kädileriň atlary Gury madda Azotlaşan

madda

Şeker we

krahmal

Kletçatka Ýaglar Kül
1 Gök  kädi 3.8 1.1 1.1 0.7 0.08 0.3
2 Ýyldyz  kädi 3.6 1 0.9 0.75 0.09 0.4
3 Kädi 9.7 1.1 5.2 1.2 0.13 0.4

 

Onuň mezokarpisi (etli bölegi), çigidi, güli adamlar üçin örän uly peýdalydyr. Onuň etli bölegi dürli tagamlary taýýarlamakda, tohumlary bolsa dürli keselleri bejermekde ulanylýar. Düzümi ýeterlik derejede baý bolan, adam saglygyny dikeltmekde, iýmit siňdiriş, jynsy ulgamlaryny bejermekde, askaridalara we adamlarda mugthorlyk edýän başga-da gurçuklaryň döredýän kesellerini bejermekde ulanylýar. Düzümine girýän kukurbatin mugthor gurçuklary ýok etmeklige ukyply, adam bedeni üçin bolsa zyýansyzdyr. Himiki serişdeleri ulanmazdan kädi çigdiniň kömegi bilen mugthor gurçuklara garşy göreşip bolýar. Onuň üçin üwelen kädi çigdiniň (kukurbatiniň) 0.3 kg bilen 0.1 kg ary balyny garmaly. Ony nahardan 60 minut öň kabul etmeli. 5 sagatdan soňra 2 litr çala duzly suw içmeli. Mugthorlara garşy göreşmegiň bu usulynda birbada köp mukdarda kädi çigdi ulanylsa, adamlarda bedeniň gyzgynlygynyň ýokarlanmagyna, bokurdagynyň gyzarmagyna getirýär. Şonuň üçin olardan uzak wagtyň dowamynda göreşmek gerek.  Taýýarlan garyndymyzy 2 aýyň dowamlylygynda irden we agşam ukudan öň uly adamlar 1 çaý çemçe, ýetginjekler 1/2 ç.çemçe kabul etmeli.

Kädi çigdiniň erkek adamlara edýän täsiri onuň düzüminde sinkiň barlygy bilen düşündirilýär. Adam bedenini dümewden saplaýjy, güýç berijilik häsiýeti bar. Onuň üçin günde 60 sany kädi çigidini kabul etmeli.

Zenanlara erkeklere seredeniňde az mukdarda täsir edýär. Onuň üçin 1 sany ýumurtga, 1 ç.çemçe üwelen kädi çigidi we 1 nahar çemçe günebakar ýagyny garmaly we 1/3 sagat bugda saklamaly soňra sowadyja salmaly. Ony 5 gün yzygiderligine  1 çaý çemçeden 5 gün arakesme bilen kabul etmeli. Şeýle edilende bedende immunitetiň dikelmegine ýardam edýär. Zenanlar kädi çigdini horlanmak  we owadanlygy saklamak üçin hem ulanýarlar.

Kädiniň adam bedenine umumylykda edýän täsiri süýjüligi peseldýär, düzüminde linolen kislotasynyň bolmagy esasynda kelle beýnisiniň işjeňligini gowulandyrýar, gan damarlaryň diwarlaryny berkleşdirýär, belli bir derejede ýatkeşligi güýçlendirýär.

Kädiniň zyýanly ýeri hem bar. Ony köp mukdarda kabul edilse bedende iç geçme döredýär. Onuň gowrulan çigidini köp mukdarda iýilse iýmit siňdiriş ulgamynda näsazlyk ýüze çykýar. Onuň çigidi gowrulan ýagdaýynda onuň peýdaly düzüm bölegi hem ýitýär.

Kädini peýdaly ulanmak üçin ony dogry taýýarlamaly.

 

 

Türkmen oba hojalyk institutynyň

mugallymy Aýsülük Saparglyjowa,

Weterinar lukmançylygy hünäriniň talyby

Döwletmyrat Ataýew

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

Ýene-de okaň

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy