SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Germaniýadan 375 million ýewro goldaw

Germaniýanyň Maýns şäherindäki “BioNTech” kompaniýasynyň koronawirus sanjymyny kämilleşdirmek hem-de kompaniýany goldamak maksady bilen Germaniýanyň hökümeti 375 million ýewro pul goldawyny berjekdigini habar berdi.

Kompaniýanyň Hytaýda ýerleşýän “Şanhaý Fosun Pharmaceutical” we ABŞ-nyň derman kärhanasy “Pfizer” bilen hyzmatdaşlykda Covid-19 garşy “BNT162b1” atly sanjym taslamasyny taýýarlaýandygyny nygtady. Germaniýanyň hökümeti tarapyndan beriljek goldawyň taslamanyň bir bölegini maliýeleşdirmek üçin ulanyljakdygy mälim edildi.

“BioNTech” kompaniýasynyň baş direktory we esaslandyryjy professor, Dr. Uğur Şahin Germaniýanyň hökümetine “ygtybarly” we “täsirli” sanjymy üpjün etmek üçin berýän goldawlaryna minnetdardyklaryny mälim etdi. Germaniýanyň hökümeti tarapyndan berilýän goldawyň kompaniýanyň “Covid-19” sanjym önümçilik kuwwatynyň ösmegine möhüm goşant goşjakdygyny aýtdy.

Beýleki tarapdan, Germaniýanyň hökümeti “Covid-19” bejergisi üçin sanjymlary we biomedikal dermanlary öndürmek üçin işleýän biotehniki kompaniýasy “CureVac”-a 252 million ýewro maliýe goldawyny berer. Germaniýanyň hökümeti iýun aýynda “CureVac” kompaniýasynyň 23 göterim paýyny 300 million ýewro satyn aldy.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjan bilen Gazagystan bilelikdäki syýahatçylyk kompaniýasyny döretdi

Gülşat Bakyýewa: Syýahatçylykda azerbaýjanlylaryň tejribesinden peýdalanmak isleýäris

Özbegistan 3 aýda 2,8 milliondan gowrak syýahatçy kabul etdi

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açyldy

Aşgabatda türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça ähtnama gol çekildi

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar