BIZNES

Täze ösüş mümkinçiliklerine ymtylýar

Saud Arabystany Patyşalygynyň “ Saudi Aramco” atly dünýädäki iň uly nebit kompaniýasy täze ösüş mümkinçilikleriniň üstünde işleýär. Munuň üçin korporasiýanyň binýadynda täze gurama döredildi. Bu gurama korporasiýanyň emläklerine gözegçilik etmek we ösýän bazarlara we tehnologiýalara elýeterlilik bermek üçin täze institusional ösüş guramasy hökmünde atlandyryldy. Oňa kompaniýanyň uly wise-prezidenti Abdel Aziz al-Gudaimi ýolbaşçylyk eder.

Täze gurama kompaniýanyň korporatiw ösüş işlerinde çalt we täsirli kararlar kabul etmäge goldaw berer. Kompaniýanyň baş direktory Amin Nasseriň aýtmagyna görä, gurama täze ösüş mümkinçiliklerine ünsi jemlär.

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär