DÜNÝÄ

«Twitter» «TikTok» bilen birleşmäge synanyşýar

«Twitter» Hytaýyň «TikTok» hyzmatynyň Amerikadaky şahamçasy bilen goşluşmaga döwtalap. Bu barada «Wall Street Journal» habar berýär.

Neşiriň žurnalistleriniň söhbetdeş bolan hünärmeniniň aýtmagyna görä, heniz bu birleşme üçin wagt kän gerek bolar. Onuň başa baryp-barmajagy hem gümana. Çünki «TikToky» «Microsoft» kompaniýasynyň satyn aljakdygy eýýäm belli boldy. Munuň üçin onlarça milliard dollarlyk şertnamanyň baglaşylmagyna garaşylýar.

Ýöne «Twitteriň» bahasynyň 29 milliard, «Microsoftyňky» bolsa 1,6 trillion dollara ýetýär.

Related posts

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan brifing-duşuşygy

Türkmenabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Bir çäýnege ýarym million dollar berdi