DÜNÝÄ

Bir çäýnege ýarym million dollar berdi

Täsinden täsin bäsleşikli söwdalar barada okap ýörşümize, ýekeje çäýnegiň 500 müň dollara satylmagy indi juda bir täsin hem däl. Hytaýyň Sýanlun nesilşalygyna degişli bolan çäýnek «Hansons Auctioneer» bäsleşikli söwdasynda 495 müň dollara satyldy.

Çäýnegiň ozalky eýesiniň sözlerine görä, ony Ikinji Jahan urşy döwründe ony atasy Aziýadan Beýik Britaniýa alyp gelipdir. Ol ilki bu çäýnegi gadymy harytlar satylýan dükanlaryň birine geçdik bahasyndan satmakçy bolupdyr. Ýöne akyl edip, hünärmenler bilen maslahatlaşyp görmek kararyna gelipdir.

…Şeýlelikde, çäýnek 50 müň dollarlyk başlangyç baha bilen bäsleşikli söwda goýulýar. Ony satyn almak üçin sekiz müşderi biri-biri bilen bäsleşip, ýokarda ýazan mukdarymyza çenli baryp ýetipdirler. Şeýlelikde, çäýnek başlangyç bahasyndan 10 esse gymmat satyldy.

Bir çäýnege 500 müň dollar beren adamyň kimdigi gizlin saklanylýar.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça teswirnama gol çekdiler

Azerbaýjan bilen Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Gyrgyzystanyň energetika ministri bilen duşuşdy

Türkmen-azerbaýjan gümrük hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Trampyň Türkiýä ilkinji resmi sapary