DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Täjigistan medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa bilen Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzodanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Taraplar medeni alyş-çalşygyny has-da işjeňleşdirmegiň mümkinçliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Täjigistanyň çäklerinde geçirilýän ýerli we halkara çärelere iki ýurduň döredijilik wekiliýetleriniň işjeň gatnaşmagyny dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Related posts

1 Milyon Ton Buğday Rekoltesi Hazır

vepa

Özbegistan bilen Fransiýa strategik hyzmatdaşlyk jarnamasyna gol çekdi

Türkiýe Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň ylalaşygyndan hoşal boldy