DÜNÝÄ

Türkmenistan we Germaniýa : COVID-19 pandemiýasyna garşy göreş

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşit Meredow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň DIM-niň Döwlet Sekretary Migel Bergeriň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňişleýin düzümine seredip, diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn ugurlaryny aýratyn bellediler.

Dürli ugurlara gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge isleg bildirip, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary halkara giňişliginde birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak däplerini dowam etmek maksady bilen tagallalary ýokarlandyrmagyň möhümdigini bellediler.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynda netijeli görkezijileri gazanmakda uly mümkinçilikleri döredýän iki ýurduň döwlet we hususy ulgamlaryň wekilleriniň yzygiderli duşuşyklarynyň zerurlygy aýratyn nygtaldy.

Diplomatlar şeýle hem COVID-19 pandemiýasy bilen bagly häzirki ýagdaýlar we dünýäde onuň ýaýramagyna garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi