SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýe iýul aýyndan syýahatçylary kabul etmäge taýýar

Türkiýe Respublikasy koronawirus epidemiýasyndan soňra syýahatçylyk pudagyny işjeňleşdirmek ilkinji ýurtlaryň biridir. Bu barada ýurduň medeniýet we syýahatçylyk ministri Nuri Ersoý “CNN Türk” teleýaýlymynda  Ahmet Hakan tarapyndan taýýarlanyp efire berilýän “Bitarap sebit” (Tarafsız Bölge) gepleşiginde belläp geçdi.

Ministr öz çykyşynda iýul aýyndan başlap, birnäçe syýahatçylyk desgalarynyň täzeden ulanylmaga başlanjakdygyny mälim etdi. Ol içerki syýahatçylyk bazarynda işjeňligiň 45 göterime barabar bolandygy we munuň gowy netijedigini belledi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Nuri Ersoý koronawirus epidemiýasynyň öňüni alyş çärelerini ýerine ýetirmek bilen syýahatçylyk desgalarynyň hyzmat edip başlajakdygyny mälim etdi. Syýahatçylyk pudagynda geçen ýyl rekord goýlandygyny ýatlap geçen ministr üstümizdäki ýylda has gowy netijeleri gazanmagy meýilleşdirendiklerini, emma ozalky görkezijileri gazanmagyň mümkin däldigini belledi. Şeýle hem ol 1-nji iýundan başlap, kem-kemden syýahatçylygy işjeňleşdirip başlandygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň 14 farmasewtika kärhanasy Türkmenistanda öz önümlerini görkezdi

Üstünlikler, tejribeler, hyzmatdaşlyk…

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi tanyşdyryldy

Mary welaýat inçekesel hassahanasy açyldy

Aşgabatda täze, döwrebap saglyk öýi açyldy

Ýurdumyzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy