JEMGYÝET

Halkara ulag forumynyň Baş sekretary bilen duşuşyk

Türkmenistanyň DIM-niň binasynda wideokonferensiýa görnüşinde Halkara ulag forumynyň (HUF) Baş sekretary Young Tae Kim bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenhowaýollary», «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmendemirýollary» ýaly ugurdaş agentlikleriň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri ýurdumyzyň HUF-my bilen özarahereketleriniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara ulag forumynyň Baş sekretarynyň nygtaýşy ýaly, gurama ulag daşamalarynyň dürli meseleleri, şol sanda multimodal daşamalarynyň, ulaglaryň dürli görnüşleriniň arasyndaky baglanşyk meseleleri bilen meşgullanýar we bu ugurda taraplaryň bilelikde durmuşa ornaşdyrmak babatynda ägirt uly mümkinçilikleri bardyr.

Türkmen tarapy Young Tae Kimi biziň ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy ulgamynda ileri tutýan ugurlaryny, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň tutuş sebitde durmuş-ykdysady integrasiýasy üçin gatnaşyjy taraplaryň ählisiniň mümkinçilikleriniň giňden durmuşa geçirilmegine itergi berjek halkara başlangyçlary bilen ýakyndan tanyşdyrdy. Söhbetdeşler şonuň ýaly-da durnukly ulag ulgamyndaky iri maýa goýum taslamalaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar we bu taslamalaryň öz nobatynda sebitiň ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgesi hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny has hem pugtalandyrmaga gönükdirilendigini nygtap geçdiler.

Halkara ulag forumynyň Baş sekretarynyň aýratyn belleýşi ýaly, ulag pudagy – bu adamlaryň arasynda ýurtlaryň hem-de halklaryň ykdysady taýdan ösüşine we medeni alyş-çalyşlaryna itergi berýän gatnaşyklary gurmagyň özboluşly ulgamy bolupdy we şeýle bolmagynda galýandyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Medeniýet ýylynyň çäginde konsert geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG – Syýahatçylyk guramasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Narendra Modi bilen duşuşdy

Türkmenistan Merkezi Aziýa – Hindistan” dialogynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurban baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri “Merkezi Aziýa – Hindistan” işewürler geňeşine gatnaşdy