DÜNÝÄ

“Google”-den mugallymlar üçin taslama

“Google” internet kompaniýasy “Öýden öwrediň” taslamasyny durmuşa geçirdi. Şu wagtky çylşyrymly döwürde mugallymlara uzak aralykdan okatmaga we netijeli okuw guramaga kömek eder. Taslama ÝUNESKO-nyň bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary instituty bilen bilelikde döredildi.

“Uzak aralykdan okatmak usulynda aragatnaşyk möhüm ugurlaryň biri bolup galýar. Şonuň üçin bu ugurda bir taslama işlenip düzüldi” -diýlip kompaniýa metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

Bu hyzmatyň kömegi bilen mugallym öz dersiniň mikrosaýtyny döredip, synp meýilnamasyny, maslahat berilýän edebiýatlaryň we okuw materiallarynyň sanawyny ýükläp biler. Mugallymlar, şeýle hem, okuwçylar bilen tagtada grafikleri we formulalary çyzyp bilerler, okuwçylaryň ene-atalaryna hat ibererler we aýratyn maslahatlar gurap bilerler.

Mugallymlar onlaýn synaglary geçirmäge hem mümkinçilik alarlar. Taslama boýunça wideo görnüşinde sapaklary geçirmek mümkinçiligi üpjün edilýär.

Related posts

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Nýu-Ýorkda saparda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Moskwa geldi

Ata Watan Eserleri