BILIM

153 müňden gowrak ýaş türkmenistanlylara kompýuter sowgat edildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri umumy sapakda belläp geçişi ýaly, bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde Arkadag şäherinde bina edilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine, okuw-terbiýeçilik toplumyna, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen mekdeplere, çagalar baglaryna körpelerimiz, okuwçy hem-de talyp ýaşlarymyz ruhubelentlik bilen gadam basdylar.

Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda çagalar baglarynyň hem-de orta mekdepleriň onlarçasy dabaraly açyldy. Birinji synpa kabul edilen okuwçylarymyzyň 153 müň 353-sine ýurdumyzda öndürilen kompýuterler sowgat berildi.

Related posts

2025-nji ýyl üçin: Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Iň gowy ýokary okuw jaýlary sanawy täzelendi

Türkmenistanyň ýaş inženerleri «Almaty Tech Cup – 2025» halkara robototehnika çempionatyna gatnaşýarlar