JEMGYÝET

11-nji sentýabrdaky howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 11-nji sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18… +20°, gündizine +30… +32° maýyl bolar. Howanyňbasyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18… +23°, gündizine +29… +34°, kenarýaka etraplarynda +25… +30° maýyl bolar.

Türkmenbaşy şäherinde: howa +28… +30°, basyşy 753 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Awazada: howa +27… +29°, basyşy 760 mm, çyglylygy 20 — 40%.

Balkanabat şäherinde: howa +31… +33°, basyşy 761 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Ahal welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +15… +20°, gündizine +29… +34° maýyl bolar.

Änew şäherinde : howa +31… +33°, basyşy 735 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Tejen şäherinde : howa +30… +32°, basyşy 746 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Mary welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +14… +19°, gündizine +28… +33° maýyl bolar.

Mary şäherinde : h o w a +30… +32°, basyşy 743 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Baýramaly şäherinde: howa +29… +31°, basyşy 742 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Lebap welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazykdan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +13… +18°, gündizine +27… +32° maýyl bolar.

Türkmenabat şäherinde: howa +28… +30°, basyşy 744 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Kerki şäherinde : howa +29… +31°, basyşy 739 mm, çyglylygy 5 — 25%.

Daşoguz welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +11… +16°, gündizine +26… +31° maýyl bolar.

Daşoguz şäherinde: howa +28… +30°, basyşy 755 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Köneürgenç şäherinde: howa +26… +28°, basyşy 756 mm, çyglylygy 20 — 40%.

 

11-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen “Petronas” täze önümi paýlaşmak hakynda ähtnama gol çeker

“Agro Pack Turkmenistan-2026” sergisi geçirilýär

«Gadamly» gury ýük gämisi Azerbaýjanda dabaraly garşylandy

Türkmenistanyň Prezidenti “Petronas” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Türkmen işewürleri britan bazaryna çykmagy maksat edinýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy