DÜNÝÄ

1-nji ýanwardan aýlyk zähmet haklary 10 göterim köpeldiler

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyrylar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Permana 8-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çekdi.

Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 1 880 manat; Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 550 manat; pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 450 manat; döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 430 manat möçberde bellemek göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 1160 manat möçberde bellemek we ony aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmak göz öňünde tutuldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar