DÜNÝÄ

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly türkmen-meksikan syýasy geňeşmeleri geçirildi

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeleri geçirildi we oňa iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Gün tertibine meseleleriň giň toplumy, şol sanda energetika, söwda, ykdysadyýet, oba hojalygy, bilim, medeniýet we sport ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak girizildi.

Halkara düzümleriniň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygyň meseleleri barada durup geçmek bilen, taraplar işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garadylar.

Şunuň bilen birlikde, medeni alyşmalaryň meseleleri, şol sanda bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek we çäreleri guramak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň – Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Meksikanyň DIM-iň ýanyndaky Matias Romero adyndaky diplomatik gözlegleri institutynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigini nygtadylar.

Döwletara hyzmatdaşlygy baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, söhbetdeşler ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň ähmiýetine ünsi çekdiler.

Indiki syýasy geňeşmeleri geljek ýyl Aşgabatda geçirmek teklip edildi.

Ýene-de okaň

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy

Eýrandaky ABŞ-nyň raýatlaryna Türkmenistan geçelgesini ulanmak boýunça bildiriş

Türkmenistan Eýrandaky daşary ýurt raýatlary üçin ynsanperwer geçelge döredýär

Ata Watan Eserleri

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, «Zenan we tebigat» atly döredijilikli duşuşyk geçirildi