BILIM

TOHU-da brendleriň psihologiýasy boýunça açyk sapak geçirildi

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Güýçli brendleriň psihologiýasy” atly açyk sapak geçirildi. Bu çäre ýaşlaryň marketing, brending we häzirki zaman işewürlik düşünjeleri boýunça bilimlerini giňeltmäge gönükdirildi.

Açyk sapaga “Çyzgy” studiýasynyň esaslandyryjysy Serdar Gurbanmyradow myhman hökmünde gatnaşyp, güýçli brendleriň emele gelşi, olaryň sarp edijiler bilen aragatnaşygy we psihologik täsiri barada giňişleýin çykyş etdi. Çykyşda brendiň diňe bir wizual nyşan däl-de, eýsem adamlaryň duýgularyna täsir edýän, ynam döredýän we uzak möhletli täsir galdyrýan ulgamdygy aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar brendingiň esasy ýörelgeleri, üstünlikli kompaniýalaryň tejribesi hem-de häzirki zaman bazarynda tapawutlanmagyň usullary barada gymmatly maglumatlary aldylar. Şeýle-de, çykyş interaktiw görnüşde geçirilip, ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap almak mümkinçiligine eýe boldular.

Açyk sapak Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky “Ýaş telekeçiler” merkezi hem-de TMÝG-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkezi tarapyndan bilelikde guraldy.

Bu çäre ýaşlaryň döredijilik we işewürlik başarnyklaryny ösdürmäge, şeýle hem häzirki zaman brending düşünjelerini öwrenmäge giň mümkinçilik döretdi.

 

Ýene-de okaň

“Dana bäşleşigi” geçirildi

Ata Watan Eserleri

Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açylar

Ýaşlar üçin amaly biznes sapagy: «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar»

«CARAVAN» media taslamasy: media sowatlylygy boýunça okuw sapaklary

Türkmenistanly alymlaryň Indoneziýadaky üstünligi

Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda boldy