SPORT

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

7-nji aprelde paýtagtymyzda ýerleşýän “Ýyldyz” Hotel myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň (AFK) futbol boýunça dolandyryş okuwyna resmi taýdan badalga berildi.

Bu okuw Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen bilelikde guralyp, häzirki zaman futbol dolandyryşynyň möhüm ugurlaryny öz içine alýar.

Okuwyň dowamynda gatnaşyjylar futboly dolandyrmagyň täze nusgalary, häzirki zaman çemeleşmeleri, mümkinçilikleri hem-de bu ulgamyň netijeli guralyşy barada giňişleýin maglumat alarlar.

AFK-nyň tejribeli halkara hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda geçirilýän bu okuw-maslahatyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen futbol ulgamynyň 29 sany hünärmeni gatnaşýar. Okuw diňe bir teoriýa bilen çäklenmän, eýsem amaly tejribeleri hem öz içine alyp, gatnaşyjylaryň bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem, bu okuw ýurdumyzda futboly ösdürmek, dolandyryş derejesini ýokarlandyrmak hem-de halkara tejribäni ornaşdyrmak ugrunda möhüm ädimleriň biri bolar. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi milli futbolumyzyň ösüşine täze itergi berip, onuň has ýokary derejelere çykmagyna giň mümkinçilikleri açjakdygyny buýsanç bilen bellemek gerek.

Ýene-de okaň

1/8 finala çykan ilkinji ýygyndy Kanada boldy

Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlaryna 999 futbolçy gatnaşdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy