SPORT

Benzema, Firmino we Henderson Saud Arabystanydan gaýtmak isleýär

Saud Arabystanynyň “Al-Ittihad” toparynyň hüjümçisi Karim Benzema, “Al-Ahli” toparynyň hüjümçisi Roberto Firmino we “Al-Ittifak” toparynyň ýarymgoragçysy Jordan Henderson Saud Arabystanyndan Ýewropa dolanmagy meýilleşdirýärler.

Sport neşirleriniň habar bermegine görä, bu üç futbolçy geçen ýylyň tomsunda saud toparlaryna geçipdi. Futbolçylaryň Saud Arabystanynyň howasy bilen uýgunlaşyp bilmändigi bellenilýär.

Ozal hem habar berlişine görä, fransuz futbolçy Karim Benzema “Lion” toparyna geçip biler. 33 ýaşyndaky Henderson Ýewropa toparlaryna geçmegi göz öňünde tutýar.

Saud Arabystanynyň çempionatynyň 19-njy tapgyryndan soňra “Al-Hilal” topary 53 utuk bilen birinji orunda, “Al-Nasr” 46 utuk bilen ikinji, “Al-Ahli” bolsa, 40 utuk bilen üçünji orunda barýar.

Related posts

Ispaniýanyň Naýbaşysy – “Real Madrid”

Ata Watan Eserleri

Habib Nurmagomedow ― UFC-niň maýadary

Ýene bir ýyldyz futbolçy Saud Arabystanyda oýnar