JEMGYÝET

Türkmenistanyň wekiliýeti Serhetleriň howpsuzlygy boýunça Bütindünýä kongresine gatnaşýar

Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Serhetleriň howpsuzlygy boýunça Bütindünýä kongresi öz işine başlady.
Halkara maslahata birnäçe daşary ýurt döwletleriň we sebit guramalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.
Maslahatyň barşynda agzalan ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we sebit taslamasynyň çäklerinde serhetleri dolandyrmak boýunça işleri kämilleşdirmek hem-de serhetleri dolandyrmakda ýokary tehnologiýaly innowasion usullary giňden ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy.
Ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň bu halkara maslahata gatnaşmagy Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň migrasiýa bilen bagly meselelere jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň hem-de ynsanperwerlik syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Maslahat öz işini 17-nji aprele çenli dowam eder.

Related posts

Gadymy Rim syrlaryny açýar

vepa

Gazagystanyň Prezidenti Aşgabada geldi

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Merkezi Aziýa + Hytaý” Sammitine gatnaşmagyna garaşylýar