DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleriniň Wena sapary

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Wenada ýerleşýän Halkara Migrasiýa Syýasatyny Ösdüriş Merkeziniň (ICMPD)  Baş müdiri Sýuzan Raab bilen iş duşuşygyny geçirdi.
Taraplar migrasiýa we serhet howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky özara gyzyklanmalaryny tassykladylar. Duşuşygyň dowamynda serhetleri toplumlaýyn dolandyrmak, migrasiýa ulgamlaryny sanlaşdyrmak we migrasiýa syýasatyny ösdürmek ýaly ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMCA) durmuşa geçirilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň Praga prosesi we Budapeşt prosesi ýaly gepleşik platformalaryna gatnaşmagyna aýratyn üns berildi. Taraplar bilelikdäki okuw, maglumat alyşmak we synag başlangyçlaryny durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler.
Şeýle hem duşuşygyň barşynda düzgünleşdirilýän, howpsuz we kanuny migrasiýany üpjün etmekde Halkara Migrasiýa Syýasatyny Ösdüriş Merkeziniň (ICMPD) öňdebaryjy taslamalarynyň orny barada nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar howpsuz, düzgünleşdirilýän we kanuny migrasiýany ösdürmäge ygrarlydyklaryny bellediler hem-de anyk taslamalary we bu ugurdaky başlangyçlary durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaşlygy giňeltmegi dowam etdirmek barada nygtap geçdiler.

Ýene-de okaň

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmen zyýaratçylary haj zyýaratyna ugradylar

Türki siwilizasiýasynyň merkeziniň düýbi tutuldy

Buharestde konsullyk meseleleri boýunça türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi