Awstraliýaly türgen Gout Gout, ady rowaýata öwrülen ýamaýkaly türgen Useýn Boltuň 200 metr aralyga ylgamakda goýan ýetginjekler rekordyny täzeledi. Sidneýde geçirilen Awstraliýanyň çempionatynda 18 ýaşly ýeňil atletikacy 200 metr aralygy 19,67 sekuntda geçdi. Sekiz gezek Olimpiýa çempiony bolan Bolt 2004-nji ýylda 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda bu aralygy 19,93 sekuntda ylgap geçipdi.
Goutuň rekordy entek Halkara ýeňil atletika federasiýalarynyň birleşigi (World Athletics) tarapyndan tassyklanmalydyr. Bilermenleriň bellemegine görä, eger ösüş depgini şu durşuna saklansa, Gout Gout ýakyn ýyllarda sportuň ylgamak görnüşleri boýunça dünýä liderligine esasy dalaşgärleriň biri bolup biler.
Useýn Bolt uly ýaşly türgenleriň arasynda 200 metr aralyga ylgamakda dünýä rekordynyň (19,19 sekunt) häzirki eýesidir, ol bu görkezijini 2009-njy ýylda gazanypdy. Mundan başga-da, ýamaýkaly türgen 100 metr aralyga ylgamakda hem 9,58 sekunt bilen dünýä rekordyna eýelik edýär.
