TEHNOLOGIÝA

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Aeronawtika we kosmos edarasy bolan NASA “Artemis II” missiýasynyň çäginde “Orion” kosmos gämisini Aýa uçuryp, ýarym asyrdan gowrak wagtdan soň, Aýa ilkinji adamly syýahaty başlady. Bu missiýa ilkinji garaýagyz astronawtyň gatnaşmagy bilen taryhyň sahypalarynda öz ornuny alar.

NASA-nyň 1972-nji ýyldan soň, Aýa amala aşyrýan ilkinji adamly uçuşy bolan “Artemis II” missiýasy Florida ştatyndaky “Kennedy Space Center” merkezinden üstünlikli uçurylyp amala aşyryldy. 2022-nji ýylyň dekabrynda kosmonawtsyz ýagdaýda ýerine ýetirilen “Artemis I” maksatnamasynyň ikinji tapgyry bolan bu missiýa takmynan 15 minut gijikdirilip başlady.

Uçurylandan 8 minut soň takmynan 100 kilometr beýiklige çykan “Orion” kapsulasy atmosfera çägine golaýlaşanda esasy hereketlendirijiden aýryldy. Takmynan 54 ýyldan soň Aýyň töwereginde amala aşyrylýan ilkinji adamly uçuş dünýä boýunça uly gyzyklanma bilen synlanýar.

“Artemis II” topary jemi 4 adamdan ybarat bolup, onuň düzümine NASA-nyň astronawtlary Rid Uaýzman (serkerde) we Wiktor Glower (uçarman), şeýle hem missiýa hünärmenleri Kristina Koh we Jeremi Hansen (Kanadanyň Kosmos Agentligi) girýär.

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi