JEMGYÝET

“Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçirilýär

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu halkara çäre ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşine täze itergi bermek bilen bir hatarda, onuň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Açylyş dabarasynyň dowamynda “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara Hormatly Prezidentimiziň Gutlagy okaldy. Onda syýahatçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Sergä ýurdumyzyň hem-de dünýä döwletleriniň syýahatçylyk kompaniýalarynyň, pudaklaýyn edaralarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagy özara tejribe alyşmaga, täze taslamalar bilen tanyşmaga hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge giň mümkinçilik döredýär.

Maslahatyň çäklerinde iş duşuşyklarynyň, okuw we ylmy-amaly maslahatlaryň, şeýle hem syýahatçylyk gezelençleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çäreler pudakda öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga we işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge hyzmat eder.

“Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty 2026-njy ýylyň 16-njy apreline çenli dowam eder we syýahatçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orun eýelär.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Gazagystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Malaýziýanyň Premýer-ministri türkmen halkynyň Milli Liderine “Honda” kysymly motoulagy sowgat berdi

Wladimir Zelenskiý türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Lukaşenko: Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyrys