JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Şu gün Aşgabatda ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Türkmenistanyň Prezidenti agzaçar sadakasyny berdiler.  Oňa ýurduň müftüsi, ähli welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň ymamlary hormatly ýaşulylar, dili senaly eneler we köpsanly ýaşlar gatnaşdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hajy Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow mübärek Oraza aýynyň mukaddes Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda il bolup, agzybirlikde agzaçar sadakasyny bermegiň sogap işdigini belläp, aýat-töwirleriň okalýandygyny, Beýik Biribardan ýagşy dilegleriň edilýändigini aýtdy. «Halkymyzyň doga-dilegleri, berýän sadakalary Allatagallanyň dergähinde kabul bolsun!» diýip, hajy Arkadag aýtdy.

Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykyp, hajy Arkadagyň hem-de Arkadagly hajy Serdaryň berýän agzaçar sadakalarynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi. Tebärek çykylandan soňra, agzaçar sadakasyna gatnaşýanlara dürli tagamlar çekildi.

Related posts

Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti halkara foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi

Katar, At Bayramı yarışlarının ödül fonuna katılmak istiyor

vepa