JEMGYÝET

Ilkinji gezek ses berýän ýaş saýlawçylar

Şu ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Prezident saýlawlarynda 18 ýaşyny dolduryp, saýlaw uçastoklarynda ilkinji gezek ses berýän ýaş saýlawçylaryň ýurdumyz boýunça jemi 98.940-dan gowragy hasaba alyndy. Bu barada “saylav.gov.tm” internet neşirinde bellenilip geçilýär.

Watanymyzyň geljegi bolan gujurly ýaşlarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özleriniň ilkinji syýasy ädimlerini ädip, ýagny seslerini berip, döwleti dolandyrmaga gatnaşarlar.

Saýlaw uçastoklarynda olara höweslendiriji sowgatlaryň gowşurylmagy bolsa, biziň ýurdumyzda ýaş nesle aýratyn ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkiýäniň Ýokary saýlaw geňeşiniň başlygy bilen duşuşyk

Related posts

21-nji sentýabrdaky howa maglumaty

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna berk käýinç yglan edildi

Türkmenistan Ženewada geçirilýän maslahata gatnaşýar

Ata Watan Eserleri