JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-italýan hyzmatdaşlygy üçin täze teklipleri öňe sürdi

«Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni bilen duşuşdy.

Premýer-ministr Jorja Meloni iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we uzak möhletleýin esasda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk nebitgaz pudagynda, ulag, dokma senagaty ulgamlarynda we işewür düzümleriň ugry boýunça yzygiderli ösdürilýär. Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Döwlet Baştutanymyz energetika we himiýa senagaty, demir ýol üpjünçilik ulgamlarynda, ekologiýa, oba we suw hojalygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň italýan tarapynyň tekliplerine garamaga taýýardygyny belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ulgamlaşdyrmak maksady bilen, hökümetara topary ýa-da işewürlik geňeşi görnüşinde bilelikdäki mehanizmi döretmegi teklip etdi.

Premýer-ministr Jorja Meloni döwlet Baştutanymyzyň tekliplerini goldap, Italiýanyň bu ugurdaky hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etdi.

Related posts

Saýlaw-2022: Senagatçylar we telekeçiler partiýasy dalaşgärini hödürledi

Ata Watan Eserleri

Si Szinpin: Hytaý Türkmenistanyň ygtybarly dosty we hyzmatdaşy

Ata Watan Eserleri

Küýze we miweler 60 million dollara satyldy

vepa