SPORT

Arnold “Real Madrid” bilen şertnama baglaşdy

Angliýaly goragçy Trent Aleksander-Arnold Ispaniýanyň “Real Madrid” topary bilen şertnama baglaşdy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär.

Futbolçy täze topary bilen 2031-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşdy. Ilki bilen, bu futbolçy erkin oýunçy hökmünde ispan toparynyň düzümine goşulmalydy. Şonuň üçin şertnamanyň möhletiniň tamamlanmagyna garaşylýardy.

Ýöne iýun aýynda tamamlanmaly şertnamanyň möhletinden öň gazanylan ylalaşyk boýunça “Real” topary Angliýanyň “Liwerpul” toparyna 10 million ýewro töledi.

Arnold täze topary bilen 15-nji iýunda ýaşyl meýdnça çykar. 26 ýaşyndaky Arnold “Liwerpul” toparyndan ýetişen futbolçylaryň biridir. Ol 2016-njy ýyldan bäri bu toparyň esasy düzüminde çykyş edip, topar bilen 354 duşuşykda oýnady.

Ol bu topar bilen Angliýanyň 2 gezek çempiony boldy, şeýle hem Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy. Mundan başga-dam Angliýanyň Kubogyny, Superkubogyny, Liga kubogyny, UEFA-nyň superkubogy gazanyp, uly üstünliklere eýe boldy.

Arnold Angliýanyň milli ýygyndysy bilen 33 duşuşykda oýnady. Ol bu ýygyndy bilen Ýewropanyň kümüş medalynyň eýesi boldy.

Related posts

11 duşuşykdan soňra Şewçenko wezipesinden boşadyldy

“Ahal” topary Çempionlar ligasyna şowly başlady

Ata Watan Eserleri

Tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşy başlady

Ata Watan Eserleri