DÜNÝÄ

Türkmenistanyň IRENA-nyň ýanyndaky Hemişelik wekiliniň akkreditasiýasy

Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Baýram Baýramowyň Halkara gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça agentliginiň (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera Türkmenistanyň bu halkara guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili hökmünde ynanç hatyny gowşurmagynyň dabaraly çäresi geçirildi.

Dabaradan soňra bolan resmi kabul edişligiň dowamynda Hemişelik wekil Agentligiň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, IRENA-nyň Baş direktory diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de Agentligiň Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga taýýardygyny mälim etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ileri tutulýan ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşdylar. «Ýaşyl» wodorod öndürmek we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatdaky bilelikdäki başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmäge we ählumumy ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilen uzak möhletleýin gepleşikleri dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda Şäherleriň Bütindünýä Forumy başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Türkiýede saparda boldy

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmen zyýaratçylary haj zyýaratyna ugradylar