DÜNÝÄ

Aşgabat Howa dialogy dörediler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi bilen bagly alyp barýan halkara hyzmatdaşlygy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara hyzmatdaşlygyny daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde ulgamlaýyn esasda ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri degişli ugurlar boýunça döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipleri hödürledi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, Pudagara iş toparyny döretmek teklip edilýär. Bu Pudagara iş topar degişli daşary ýurt döwletleriň, halkara guramalaryň hem-de halkara maliýe institutlaryň wekilleri bilen yzygiderli gepleşikleri geçirer. Şeýle hem Merkezi Aziýada Howa tehnologiýalary boýunça Sebit merkezini, Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Sebit merkezini we beýleki halkara ekologik başlangyçlary durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işleri utgaşdyrar.

Şeýle hem Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen bagly başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek hem-de olara berilýän halkara goldawlary güýçlendirmek maksady bilen, ýokary derejeli sebitleýin we ählumumy maslahatlara, forumlara hem-de sergilere işjeň gatnaşmak, olaryň çäklerinde ugurdaş çäreleri geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Milli pawilýonlaryny ýa-da tanyşdyryş meýdançalaryny döretmek teklip edilýär. Bu çäreler ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasynyň mundan beýläk-de kämilleşmegine, täze hyzmatdaşlary çekmäge hem-de halkara maliýe we tehniki goldawlary giňeltmäge ýardam berer.

Bulardan başga-da, häzirki günde ählumumy howa gün tertibinde durýan esasy meseleleriň çözülmeginde Türkmenistanyň tutýan ornuny we ähmiýetini ýokarlandyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň bu ugurda öňe sürýän möhüm başlangyçlaryny yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygyň täze institusional görnüşi hökmünde Aşgabat Howa dialogyny döretmek baradaky teklip beýan edildi.

Şunuň bilen birlikde, Merkezi Aziýada Howa tehnologiýalary boýunça hem-de Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Sebit merkezlerini döretmek bilen bagly Türkmenistanyň Hereketler meýilnamasyny taýýarlamak teklip edilýär. Bu meýilnama agzalan merkezleriň dolandyryş gurluşyny hem-de hyzmatdaşlyk gurallaryny öz içine alar. Bu merkezleriň geljekde sebit derejesinde öňdebaryjy hyzmatdaşlyk hem-de innowasiýa meýdançalaryna öwrülmegini üpjün etmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleri hem-de beýleki halkara hyzmatdaşlar bilen utgaşykly işleri dowam etmek maksadalaýyk hasaplanylýar.

Ýokarda agzalan halkara başlangyçlaryň maliýe taýdan durnukly bolmagyny üpjün etmek üçin BMG-niň degişli düzümleri, Ýaşyl howa gaznasy (GCF), Ählumumy ekologiýa gaznasy (GEF) we Uýgunlaşmak gaznasy (Adaptation Fund), şeýle hem halkara maliýe institutlary bolan Bütindünýä banky we Aziýa ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça sebit we halkara derejesinde netijeli işleri alyp barýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz howanyň üýtgemegi boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan çäreler toplumy guraldy

Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Şanhaýda geçirilen emeli aň boýunça maslahatda çykyş etdi

Tramp Messiniň, Ronaldonyň we Keýniň oýnuna ýokary baha berdi

Eýranyň Beýik Ruhy Lideri hatyralandy

Türkmenbaşy bilen Batumi şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýlar

Endi Bernem – Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri