DÜNÝÄ

Mirziýoýew: “Türkmenistan biziň üçin sebitde ygtybarly we möhüm hyzmatdaş”

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Özbegistan Respublikasyna ilkinji döwlet saparyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. «Kuksaroý» köşgünde geçirilen duşuşykda çykyş eden Prezident Şawkat Mirziýoýew: “Türkmenistan biziň üçin sebitde ygtybarly we möhüm hyzmatdaş” diýip belledi.

Özbek Lideriniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu duşuşygyň türkmen-özbek gatnaşyklarynyň strategiki hyzmatdaşlygynyň taryhynda täze sahypany açjakdygyny bellän Prezident Şawkat Mirziýoýew “Türkmenistanyň biziň üçin sebitde ygtybarly we möhüm hyzmatdaşdygyny belläsim gelýär. Giň gerimli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge borçlanýarys, iň ýakyn goňşymyz bilen strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzy mümkin boldugyça berkitmegi maksat edinýäris.” diýip belläp geçdi.

Duşuşykda döwlet Baştutanlary türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine, özara söwdany ösdürmäge, senagat hyzmatdaşlygy taslamalaryny durmuşa geçirmäge we ulag we üstaşyr mümkinçiliklerinden peýdalanmaga aýratyn üns berdiler.

Taraplar sebitara hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ägirt uly mümkinçiligi bellediler.

Şeýle hem sebitleýin we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşmak boldy.  Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidentini özüne amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti özbek Lideri bilen ýokary derejeli gepleşikleri geçirdi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar