DÜNÝÄ

Aşa yssy sebäpli Fransiýada 1300-den gowrak mekdep ýapylýar

Fransiýada 1300-den gowrak döwlet mekdebi aşa yssy howa sebäpli 1-nji iýulda ýapylar. Bu barada neşirler habar berýär.

“1-nji iýuldan 45000-den 1350 töweregi döwlet mekdebi bölekleýin ýa-da doly ýapylar. Adatdan daşary yssy howa çaklamasy sebäpli dýapyljak mekdepleriň sany iki esse artdy” -diýlip bellenilýär.

Meteorologiýa gullugy Pariž basseýnini goşmak bilen ýurduň 16 sebitinde aşa yssy howa ýagdaýy emele geldi. 1-nji iýul käbir ýerlerde howanyň temperaturasy 41 gradusa ýetmegi bilen döwrüň iň yssy güni bolar diýlip garaşylýar.

“Bloomberg” -iň habar berşi ýaly Günbatar Ýewropa ýurtlarynda emele gelen adaty bolmadyk yssy ýakyn günlerde iň ýokary derejesine ýeter. Neşiriň pikiriçe, şeýle ýokary temperatura elektrik torlaryna howp salýar.

Related posts

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Pakistanyň ilçisi bilen duşuşdy

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyk

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ulgamyndaky wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi