BILIM

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyna täze rektor bellendi. Bu ýokary okuw mekdebiniň rektory wezipesinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory Muhammetrahym Öwezow bellendi.

Mundan birnäçe gün ozal, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ozalky rektory Allaberdi Aşirow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesine saýlanypdy.

Sapardurdy Toýlyýew bolsa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesinden boşadylypdy.

Türkmenistanyň Inžener-teniki we ulag kommunikasiýalary institutynda 6 fakultet, 19 kafedra bolup, talyplar 27 hünär boýunça bilim alýarlar.

Institutyň dört gatly baş binasynda we dört gatly üç sany okuw binasynda rektorlyk hem-de 6 sany fakultet ýerleşýär.

Related posts

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hojalyk hasaplaşygyna geçer

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Wengriýa bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer

Hytaý kitaplaryny sowgat bermek dabarasy geçirildi

Leave a Comment