BILIM

“21-nji asyrda Ahi Evran: innowasiýa we önümçilik” atly taslama yüztutmalar başlady

Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler müdirligi (YTB) tarapyndan jemgyýetçilik, medeni we bilim taslamalarynyň birnäçesi durmuşa geçirilýär. Şol taslamalar ýakyn geografiýada ýerleşýän garyndaş halklardaky adam kapitalynyň ösdürülmegine gönükdirilen.

Bu nukdaýnazardan, Türkiýäniň Daşary Ýurtlardaky Türkler we Garyndaş Jemgyýetler Müdirligi OSTİM Tehniki Uniwersiteti bilen bilelikde “21-nji Asyrda Ahi Evran: Innowasiýa we Önümçilik” atly taslama badalga berdi.

Türk dilinde geçiriljek taslamanyň çäginde gatnaşyjylara beriljek onlaýn okuwlardan daşary bellenen şertlere laýyk gelýän gatnaşyjylar üçin Türkiýede hackhatonyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Taslamanyň netijesinde, işewür pikiri ýa-da önümi bolan gatnaşyjylara öz pikirlerini ýa-da önümlerini kämilleşdirmäge mümkinçililik bermek maksat edinilýär.

Taslama degişli ýüztutmalar  2022-nji ýylyň 18-nji noýabryna çenli https://innoahievran.com/ internet sahypasyndan kabul edilýär.

 

 

 

Related posts

Ýokary bilim we ylym boýunça Germaniýa–Merkezi Aziýa forumy geçirilýär

2024 ýyly boýunça diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Özbegistan Ginnesiň rekordlar kitabynda: bir günde 1,9 müňden gowrak robot

Leave a Comment