TEHNOLOGIÝA

«Sanly çözgüt — 2022»: 240-dan gowrak taslama hödürlendi

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde   Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Sanly çözgüt — 2022» atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň jemleriniň 2022-nji ýylyň 10-11-nji noýabry aralygynda guraljak Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2022» atly XV halkara sergisini we ylmy maslahatynyň çäklerinde jemlenjekdigini mälim etdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, öňde goýlan wezipelere ýetmek, innowasiýa-programma üpjünçiligini, startaplary işläp taýýarlamak hem-de ornaşdyrmak bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen nobatdaky “Sanly çözgüt-2022” bäsleşiginiň jemlerini jemlemek meýilleşdirilýär.

Bu bäsleşige ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we hünärmenleri gatnaşyp, öz taýýarlan 240-dan gowrak taslamasyny hödürlediler.

Related posts

Dünýäniň iň kiçi skeýtiniň satuwyna başlandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda milli elektron poçta we “Messenger” ulgamy döredilýär

Ata Watan Eserleri

Dünýäde Ilkinji eskalator haçan oýlanyp tapylypdyr?

Leave a Comment