DÜNÝÄ

Ýanwar-oktýabr: Türkmenistanda 386 resmi duşuşyk geçirildi

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow ministrligiň şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hasabat döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet, resmi we iş saparlarynyň 6-sy guraldy.

Parlamentara gatnaşyklaryna uly ähmiýet berilýär we şunuň bilen baglylykda, ýylyň başyndan bäri parlament wekilleriniň daşary ýurtlara 14 sapary amala aşyryldy.

Hasaba döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen 141 wekiliýet Türkmenistana geldi. Şol döwürde ýurdumyzdan daşary döwletlere 273 wekiliýet ugradyldy.

Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 1669-sy geçirildi. Daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilleri bilen Türkmenistanda 386 resmi gepleşikler we duşuşyklar guraldy. Şu geçen döwürde halkara resminamalaryň 142-sine gol çekildi.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar