BILIM

Türkmenistan bilen Fransiýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda ähtnama gol çekdiler

Parižde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministri Katrin Kolonna bilen resmi duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan döwlet derejesinde saparlary guramagyň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary halkara we sebit syýasatynyň iň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça R.Meredow we K.Kolonna şu resminamalara gol çekdiler:

  • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasy.

Munuň bilen birlikde, türkmen wekiliýetiniň Fransiýa saparynyň çäklerinde aşakdaky resminamalara gol çekildi:

  • Arkadag we Maisons-Laffitte şäherleriniň arasynda doganlaşmak barada dostlukly ylalaşygyň Jarnamasy;
  • Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş bankynyň Union de Banques Arabes et Françaises – U.B.A.F bilen hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz tarapynyň çakylygy boýunça Parižde resmi saparda boldy.

Related posts

Ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul edişlik: Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy

Türkmen döwlet maliýe instituty:“Açyk Gapylar 2023”

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy