JEMGYÝET

Türkmenistanyň ähli metjitleri işläp başlaýar

Ertir, ýagny 29-njy martda Türkmenistanyň ähli metjitleri işläp başlar. Bu barada “turkmenportal.com” hem-de “ashgabat.in” internet neşirleri Türkmenistanyň Müftüligine salgylanyp habar berýär.

Şol habarda, 2-nji aprelde başlajak Oraza aýynyň hormatyna ýurduň çägindäki ähli metjitler hemişeki tertibinde adamlary kabul edip başlar. Metjide barlanda, arassaçylyk we öňüni alyş çäreleri görülmelidir.

Mukaddes Oraza aýynyň hormatyna açyljak metjitlerde ähli arassaçylyk-zyýansyzlaşdyryş işleriniň berjaý edilmegi bilen, her gün 5 wagt namazlar, tarawa namazy, jumga namazy we baýram namazy adaty tertipde okalar.

 

Oraza aýy-2022 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Related posts

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady

Türkiýäniň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

“Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň Kanuny herekete girdi

Ata Watan Eserleri