JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Ýaponiýa bilim ulgamynda täze ylalaşyklar gazandy

Ýaponiýada iş saparynda bolýan Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti K.Nagata we Soka uniwersitetiniň prezidenti M.Sudzuki bilen duşuşdy.

Duşuşyklarda bilim we ylym pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň we uniwersitetler arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläkki ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýaşlar syýasaty pudagynda taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary Ýaponiýanyň Soka uniwersitetiniň rektory, “Nippon” gaznasynyň başlygy we Ýaponiýanyň dürli okuw mekdepleriniň mugallymlary bilen gepleşikler geçirdi.

Saparyň çäklerinde şu resminamalara gol çekildi:

– Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Ýaponiýanyň Soka uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama:

– Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýapon-türkmen ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk assosiasiýasy bilen innowasion tehnologiýalar pudagynda özara düşünişmek hakynda ähtnama.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy

Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplaryna täze häkimler bellenildi

Arkadag şäherinde jaý toýlary tutuldy

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Pyýada atly ahalteke bedewiniň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy

Hankerwen – 2026-njy ýyl boýunça «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi»