BILIM

Türkmenistanda koreý dil biliminiň synaglaryna (TOPIK) hasaba alyş başlanýar

2024-nji ýylyň 14-nji aprelinde geçiriljek TOPIK (Test of Proficiency in Korean) koreý dilini bilmek boýunça 93-nji synaga gatnaşmak üçin Türkmenistanda hasaba alyş başlanýar. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň web saýtynda habar berilýär.

Synag tabşyrmak isleýänler Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna barmalydyr. Ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 2060-njy köçe, 47-nji jaý.

Arzalar 26-njy ýanwardan başlap 6-njy fewrala çenli kabul edilýär (her gün sagat 09:00 — 15:00 aralygynda).

Synagyň şertleri bilen şu salgylanma arkaly has giňişleýin tanşyp bilersiňiz.

Related posts

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa instituty

Dalaşgär-2026: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

Germaniýa: tomusky okuwa aýlyk 1200 ýewro stipendiýaly gatnaşmak mümkinçiligi